Garaşsyzlyk –dillerimizde dessanym
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33-ýyllyk baýramynyň öňisyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynda ýazara-da, buýsanara-da zat juda köp. Iň buýsandyrýan ýeri hem häzir ýurdumyzda durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşler sazlaşykly gidýär. Sazlaşygyň bar ýerinde ösüş bolýar, üstünlik bolýar, üstünligiň bar ýerinde bolsa bagtyýarlyk bolýar.
Howwa, bagtyýarlyga beslenen gül Diýarymyz, eziz Watanymyz baş baýramyň, mukaddes baýramyň öňisyrasynda. Bu günki gün ýurdumyzda toýlar-toýa ulaşýar. Ýetip gelýän mukaddes baýramymyz mynasybetli biziň hem 6-njy çagalar sungat mekdebimiziň agzybir mugallymlary zehinli okuwçylarymyz bilen bu toýa aýdymdyr-saz sowgatlaryny taýýarladylar. Ynha şu gün hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän ,,Arkaç” medeni dynç alyş merkezinde aýdym-saz çykyşlarymyzy ,,Aşgabat” teleýaýlymyna ýazga geçirdik. Bu ýerde mekdebimiziň ,,Parahat” skripkaçylar toparynyň, ,,Şatlyk” hor toparynyň zehinli okuwçylary aýdymdyr-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, ýaş nesillerimize yhlasly okamaga, döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň ýol açýan, ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsyn! Ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 33-ýyllyk toýy gutly mübärek bolsyn!
Halikowa Ogulbike
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat
mekdebiniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary