14

Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binalar toplumynda Garaşsyzlyk bilen galkynan Watanatly döredijilik duşuşygy  geçirildi.

   Çärede eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz barha ýakynlap gelýän mukkaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna uly şatlyk-şowhun, belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny şeýle-de bu ajaýyp sene mynasybetli altyn güýzüň ajaýyp günlerinde bagtyýar halkymyz obalarmyzdyr, şäherlermiz toý donyna bürenip ýurdymyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly ösüşlere-özgertmelere beslenýändigi hakynda uly buýsanç bilen beýan etdiler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda alnyp barylýan işler barmak basyp sanardan köp, Garaşsyz diýarymyzyň abadanlygy asmanymyzyň arassa, ýurdumyzyň parahatlygy durmuşymyzyň rahatlygy, çagajyklarymyzyň gülki sesleri mährem enelermiziň hüwdi sesleri, aýdym-sazyň şirin mukamynyň belentlerde ýaňlanmagy bularyň ählisi Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleridigni nygtadylar.

   Şeýlede  çäräniň dowamynda döredijilik duşuşygyna gatnaşýan myhmanlaryň Garaşsyzlyk gazanylyp ýetilen belent sepgitler baradaky ýürek buýsançlary siňen, ajaýyp Watanymyzyň tarypyny wasp etýän dürdäne ajaýyp goşgularyndan ýerine ýetirdiler. 

   Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onyň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillermize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdiler.