4

Türkmenistan baky bagtyň mekany

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Kerim Gurbannepesow  adyndaky hem-de Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçalarynyň guramagynda  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan baky bagtyň mekany” ady bilen Garaşsyzlyk binasynyň seýilgähinde döredijilik duşuşygy geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

   Çärede çykyş edenler ata-babalarymyzyň  asyrlaryň dowamynda ýürek arzuwyna, köňül küýsegine, diliniň senasyna öwrülen Garaşsyzlyk, erkinlik, özbaşdaklyk, berkarar döwlet hakyndaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny, şanly Garaşsyzlyk halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, zähmet çekmäge, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.  

   Çäräniň ahyrynda bagtyýar halkymyzyň il-ýurt bähbitli işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.