Garaşsyzlyk - kalba ylham dillermizde dessandyr
Şu gün mekdebimiziň mejlisler zalyndaBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jenneti diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk - kalba ylham dillermizde dessandyr” atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu günki medeni çärä gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzda geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenendigi, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen üstünlikler we bitirilen işleri dogrusynda çykyş etdiler. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Baýramçylyk dabarasynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň Garaşsyzlygymyzy wasp edip çeken suratlary hem bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny has-da belent sepgitlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Ata-babalarmyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhrady eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn.