4

Garaşsyzlyk - eziz diýarymyzyň ösüşli ýoly

image

   

   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda  Garaşsyzlyk binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk - eziz diýarymyzyň ösüşli ýoly”  ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň hasyl bolan arzuwy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, belent ruhunyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik güýjüniň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik tutumlarymyzyň, tutuş dünýäde uly gyzyklanmalara eýe bolan ynsanperwer ýörelgeleriniň waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy, şeýle-de baky bagtyýarlygymyzyň, röwşen geljegimiziň şuglasydygy hakynda söhbet etdiler.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanamyzy beýik ösüşlere besläp, il-ulsuň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.