Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gürrüňdeşlik
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň gurnamagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden medeniýet öÿüniň guramaçysy Igdirowa Täçnabat şeýle belläp geçdi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň buýsandyryjy taryhy ösüşleri hakda söhbet açylanda, gurulýan binalar, täze şäherlerdir-obalar we dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler hakydaňa gelýändigini, her günki özgerişler, beýik ösüşler mähriban halkymyzda çuňňur buýsanç döredýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanyna şirin-aýdymlar, mukamlar ýerine ýetirildi. Garaşsyzlyk ýurduň ykdysadyýet we medeniýet pudagynda ähli ösüşleriniň özeni bolup, halkyň ýylsaýyn ösýän hal-ýagdaýyny üpjün etmekde gazanan üstünlikleriniň esasyna öwrüldi. Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan dünýä bileleşiginde öz ornuny tapdy, Çäräniň ahyrynda milletimiziň mertebesini, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar eden, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny has-da belent sepgitlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.