5

Beýik sarpa mynasyp siz, ülkämiziň ýaşululary

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar uglamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 11-nji orta mekdebinde ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Beýik sarpa mynasyp siz, ülkämiziň ýaşululary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ata Watanymyz Türkmenistanda paýhasly, dana ýaşululara, kümüş saçly enelerimize uly hormat goýulyp,  ýaş nesillerimiz üçin edep-terbiýe  mekdebidigi, olaryň sarpasynyň mydama belent tutulýandygy, barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrýan ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz ýurdumyzyň, törümiziň ýaraşygy bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellediler.   

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşuly nesli sylap, hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.