19

“Bilim gymmatly baýlyk”

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak medeniýet öýüniň gurnamagynda “Bilim gymmatly baýlyk” ady bilen çeper höwesjeňleriň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek özüňi medeniýetli alyp barmak, biz medeniýet  işgärleri üçin möhüm wezipe bolup durýar. Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzelikleri barada aýdyp geçirildi. Çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys.