“Röwşen geljegimiziň binýady”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak medeniýet öýi we Herrikgala medeniýet öýi bilen “Röwşen geljegimiziň binýady” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri peder ýolunyň dowamata atarylýan ajaýyp zamanadyr. Mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasy hem beýikdir. Hormatly Prezidentimiziň “Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir” diýen sözleri täze taryhy eýýamda Watana, halka ak ýürekden hyzmat eden milli gahrymanlarymyza, ruhy pederlerimize çäksiz sarpanyň beýanydyr. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluna dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýer titremede gurban bolanlaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.