Biziň Hakydamyz - Biziň ýolumyz
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi, bagty ugrunda dürli jeňlerde, söweş meýdanlarynda, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremisende wepat bolanlar ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Ýurduň ähli ýerlerinde döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, paýtagtymyzdan başlap, ähli sebitlerde, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Bu ýadygärlikler toplumy gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna, edermenligine bu günki nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, tagzym edýänliginiň alamatydyr.
Şu gün Aşgabat ýertitremesiniň bolup geçenine 76 ýyl bolýar. Biz mundan 76 ýyl ozal -1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesipdir, türkmen paýtagtyny weýran edipdir. Şol pajygadan bäri telim onýyllyklar geçse-de, öz mähribanlaryny, ýakynlary, watandaşlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde ýaşaýar. Ýaşar hem! “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligi bar. Şol pajygaly gijede, gör, näçe ajaýyp ynsan, öz ömründe il- halkymyz üçin hiç mahal ýatdan çykarylmajak uly işleri bitirip ýetişen meşhur şahsyýetler dünýäden ötdi. Ýadygärlikler toplumynda ata- baba topragymyzyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi, bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde janyny orta goýan gahrymanlaryň, şeýle-de faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärlikleri hem bar. Bu ýadygärliklere her ýylyň 6-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gül desseleri goýulyp gelinýär.