61

Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 17-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy”  ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň  nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýandygy  barada gürrüň berdiler. Dana şahyryň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.  

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.