“Ýaşulylaryň halkara güni” mynasybetli medeni dynç-alyş çäresi geçirildi
Biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça derwaýys wezipeleri ara alyp maslahatlaşyp, möhüm çözgütleri kabul etdik. Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berýäris.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz içerki we daşary syýasatlaryny özbaşdak kesgitläp, halkara giňişliginde demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwleti gurmak, ykdysadyýet, ylym, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde köp işler amala aşyryldy, diýip çäräniň dowamynda bellediler.
Bu gözelikleri döredýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyşlaryň yzy üzülmeýär.