45

“Saglyk adamyň başyndaky täjidir”

image


   Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her bir güni toýdur – baýramlar, şanly wakalar bilen şöhratlanýan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem aýratyn ýatda galyjylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Häzirki wagtda keselleriň öňüni almak hem – de adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýär. Türkmenistan halkyň saglygy baradaky aladany örän ýokary orunda goýýan döwletdir. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda lukmançylyk ugry boýunça ägirt uly sepgitlere ýetildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen bu döwrebap saglyk merkezinde halkymyzyň saglygyny goramakda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge ýokary ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il – ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.


 L Goçmämmedowa
Gypjak medeniýet öýüniň müdiri