8

Sözden mähir ýasan şahyr

image


   Aşgabat  şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda  Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli “Sözden mähir ýasan şahyr” at bilen aýdym-sazly döredijilik  duşuşygy geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasyny, tanymal şahsyýetleriniň döredijiligini giňden öwrenmäge ähli mümkinçilikleriň öwrenilýändigini, olaryň eserleriniň  yzygiderli täzeden çap edilip halkymyza ýetirilip durulmagy, olaryň atlarynyň ebedileşdirilip ýokary we orta okuw mekdeplerine, ajaýyp köçelerimize dakylmagy, olaryň heýkelleriniň ählisiniň  bir ýere jemlenip,  paýtagtymyzyň  iň  gözel künjekleriniň biri bolan  “Ylham” seýilgähinde  oturdylmagy, olaryň arasynda Kerim Gurbannepesowyň heýkeliniň oturdylmagy şahyra goýulýan sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy  Kerim Gurbannepesowyň maşgala agzalary, bile işleşen ýazyjy şahyrlar, medeniýet işgärleri şahyryň  sadadan, düşnikli, akgynly eserlerinde Watana bolan söýgini, durmuşdaky we ynsan dünýäsindäki  bolup geçýän dürli hadysalary, şeýle-de  söýgi  temasyny  poeziýa  diliniň özüne çekiji äheňleri bilen okyjylara  ýetirip bilen beýik ynsandygyny barada giňişleýin gürrüň berdiler, şeýlede  şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da göçme kitap sergisi gurnaldy we çärä gatnaşanlary bu sergi bilen tanyşdyryldy.

   Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy içgin öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä ýaýmakda uly  aladalary edýän   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri  aýdyldy.