4

Akyldar şahyryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde “Akyldar şahyryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň  baý medeni  we  edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekgi  nesillere ýetirmekde  uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine  näçe çuň aralaşdygyňça, onuň setirleriniň syrly ýumagy paýhaslar älemine alyp gidýän eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada  belläp geçdiler we mekdep okuwçylary akyldar şahyryň goşgularyny labyzly okap berdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.