GÜLLER TEBIGATYŇ BEZEGI
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşli menzilleri watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Bagtyýarlyk buýsanjyndan galkynýan ýurdumyz belent maksatlar bilen öňe ilerläp, döwletli Diýarymyzyň her bir ösüşli pursatyna mynasyp seslerini goşýarlar.
Şeýle ruhda zähmet çekýän Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary öz gezeklerinde ýaş nesilleri terbiýelemekde olara şekillendiriş sungatynyň birnäçe ugurlaryndan bilim bermek, hünär öwretmekde döredilip berilýän uly mümkünçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zähmet çekýärler. Ýörite okuw meýilnamasyna laýyklykda şekillendiriş hünärine höwesli ýaşlaryň arasynda has ökde, has ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik sergilerini, döredijilik bäsleşiklerini yzgiderli gurnap durýarlar.
Döredijilik pursatlar şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşlaryň ýaşajyk kalplaryndan döreýän döredijilik eserlerine uly täsirini ýetirýär. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli yglan edilen “Owadan gülleriň suratyny çekmek hem-de gülleriň görnüşlerini ýasamak” atly bäsleşigi has netijeli we täsirli boldy. Bu döredijilik bäsleşikli sergisine 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ähli okuwçylary höwesli we işjeň ruhda gatnaşdylar. Bäsleşik gyzykly çekeleşikli geçirildi.
Sergä 200-den gowrak eserler gatnaşdyryldy. Dürli gülleriň şekiljiklerini ýasamak, kagyz ýüzünde suratlandyrmak boýunçada mekdebimiziň göreldeli okuwçylary işjeňlik görkezdiler. Mekdebiň baýry mugallymlaryndan düzülen eminler toparyna bu döredijilikli bäsleşik sergisine mynasyp baha berip, has ökde zehinli ýaşlary tapawutlandyrmak aňsat düşmedi. Şeýle bolanda-da baýrakly orunlaryna mynasyp bolan okuwçylara 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi tarapyndan hormat hatlary we mynasyp sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaş nesillerimiziň okamaga, öwrenmäge bilim alyp hünär öwrenmeklige döredilip berilýän uly şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Döwletli başlangyçlarynda uly-uly üstünlikler hemişe hemra bolsun.