4

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary egsilmeýän hazyna

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Nury Baýramow  adyndaky  kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary egsilmeýän hazyna atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň kitaplary halkymyza aýratyn hem biz kitaphanaçylara egsilmez şatlyk paýlaýanlygy, çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyza hem-de halkymyza çäksiz söýginiň bardygyny görmek bolýar, ýaňy ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çap edilip halkymyza gowuşmagy bolsa türkmen halkyny has-da begendirendigi barada belläp geçdiler.

   Çäräniň ahyrynda halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly  Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.