Halypa hakda söhbet
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli “Halypa hakda söhbet”ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler milli medeniýetimize sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi öwrenmäge ýatlamaga giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle hormata mynasyp bolan, özüniň ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň aňynda hemişelik ýaşaýan şahyrlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň halk ýazjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň gymmaty egsilmejek goşgulary şygyr muşdaklarynyň kalbynda ebedilik ýaşaýanlygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşlikligiň ahyrynda mekdep okuwçylary Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny okap berdiler we şahyryň ömri we döredijiligi barada sorag-jogap alyşdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.