5

Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy

image


   Aşgabat şäher  medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň  bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy” ady bilen wagyz-neshat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler akyldar şahyr  Magtymguly Pyragynyň giň we çuňňur  many-mazmuna baý bolan şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik, dost-doganlyk, watançylyk ýaly pikir garaýyşlary  ussatlyk bilen beýan edilýändigi, beýik şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwlet gurmagyny arzuw eden, bagtyýar durmuşda ýaşamaga, ähli ynsanlary agzybirlige ündän parasatly pikirleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagy türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrýandygy  barada gürrüň berdiler. Şeýle-de söz ussady Magtymguly Pyragynyň  mertligi, oňat gylyk-häsiýeti, il-günüňe, Watanyňa wepalylygy wasp edýän goşgy setirleri dillerden-dillere geçip halkyň durmuşynda aýratyn terbiýe ojagy bolup, nakyllara öwrülendigi barada belläp geçdiler. 

   Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onuň gadyr gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.