18

AÝDYŇ MAKSATLAR

image


   Bilim ynsanyň durmuş atly ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen adamzat taryhynda aýrylmaz bir gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Bilimli ynsanyň ýagty ertirleriniň boljakdygy ikuçsuz. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlary sary alyp gidýän aýdyň ýoldur. 

   Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Eýsem-de bolsa, bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň "Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris" diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ylym- bilim ählitaraplaýyn öwredilýär. 

   Ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri Milli Liderimiziň başyny başlan, hut şol şöhratly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň datly miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilmegine, ýokary we orta hünär okuw mkedeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany iş tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleriň goldanylmagy hem bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Ýaşlaryň halkara bäsleşiklerde ynamly çykyş etmekleri hem-de köpsanly baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine hemişelik ünsüniň anyk netijeleridir. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär.

   Bilimli ýaşlar döwrümiziň geljegi. Türkmen halkynyň döredijilik ýol-ýörelgesiniň mizemez binýady hem hut ýaşlaryň elindedir. Olar milletimiziň mertebesi - şöhratly taryhymyzyň baky dowamatydyr. Ykbaly gülläp, bagt guşy asuda asmanynda ganat ýaýýan türkmen ýaşlarynyň bu günki günde ümzügi ileri, maksatlary bolsa aýdyňdyr.


Şasoltan ÇARYÝEWA,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň başlygy.