3

Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy”  ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we ebedileşdirmekde ýerine ýetirilen işler, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen halkynyň taryhyndaky, medeni-edebi durmuşyndaky ornunyň bakylygy hakynda, özüniň dürdäne setirleri bilen köňüllerde,  ýüreklerde baky orun alan şahyrdygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň  Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip,  halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini  arzuw etdiler.