Ertekiler dünýäsinde
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 1-nji çagalar sungat mekdebi "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly mynasybetli gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Ertekiler dünýäsinde aýdym-saz toparlary bilen Aşgabat teleýaýlymynda ýazgy geçirildi. Mekdebimiziñ okuwçylary öz çykyşlary bilen Eziz Watanymyzyň häzirki ýeten sepgitlerini, öz ýürek joşgunlaryny wasp etdiler. Mekdebimiziň okuwçylary Hojamgulyýewa, Demirowa Melek, Maksadow Hojamuhammet, Gurbanmuhamedowa Gülälek öz täze aýdymlary bilen halkymyzy begendirdiler. Ýaşlar jemgyýetiñ iñ işjeñ bölegi hökmünde ýurduñ ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzda hem ýaşlary goldamaga, olaryñ jemgyýetdäki mynasyp ornuny tapmaga gönükdirlen döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Okamaga, döretmäge şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan uly we jogapkärli döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.