Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplary” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Bagtyýarlyk nuryna beslenen ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň söýgüli eserlerine öwrülendigi, bu eserlerde beýan edilýän taryhy wakalar, ata-babalarymyzyň nesillere goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary, adatlary, türkmen halkynyň maddy we medeni gymmatlykary biziň üçin nusga, ýol-ýörelge bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyz “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär” diýen dürdäne sözleri jemgyýetimizde okamak we kitaba bolan garaýşy ösdürmek barada uly tagallalaryň nyşany bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň durmuşyndan çuň manyly söz açýan, ajaýyp kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.