Magtymguly sözlär – tili türkmeniň
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Ylham” seýilgähinde “Magtymguly sözlär- tili türkmeniň” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldardygy, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy bu günki gün milli medeniýetimiziň nurly şamçyragy bolup şugla saçýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda akyldar şahyryň ajaýyp eserlerini dünýä ýaýmakda, milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.