3

Ösüşler mekany – kuwwatly Watan

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda“Ösüşler mekany – kuwwatly Watan” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler Eziz Diýarymyz Türkmenistanyň barha rowaçlanýandygy, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda  ata Watanymyzyň günsaýyn, hat-da sagatsaýyn ösüşlere, özgerişlere beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşaýandygymyz, türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran ägirtleriň ägirdi dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä edebiýatynda tutýan orny şeýle hem ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakynda gürrüň berdiler.

   Çäräniň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolan birnäçe ajaýyp şygyrlar okaldy.

   Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülletmekde we dünýä tanatmakda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.