Türkmen alabaýy-edermenligiň nusgasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Türkmen alabaýy-edermenligiň nusgasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde uzak ýyllaryň dowamynda wepadarlygyň, edermenligiň nusgasy hökmünde arzylanyp gelen türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüň berip, şeýle arassa tohumly alabaý itleriniň Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada aýratyn nygtaldy we wepaly, edermen türkmen alabaýyny, onuň edermenligi barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.