9

“Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşan

image


   Bagt hakda elbetde her kimiň öz pikiri, öz garaýşy bar. Ýöne aglaba adam üçin bagt diýlende ilkinji nobatda baldan süýji balalar gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda sungatyň aşygy bolan, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary hem “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşyp aýdym-sazly söhbetdeşlik konsertini geçirdiler. Gepleşikde okuwçylaryň aýdym-saz sungatyna gelişleri aýdym-saza bolan höwesleri dogrusynda gürrüň edildi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Watanymyzy, türkmen topragynyň gözelliklerini, türkmen halkyyň milli senedi bolan türkmen dutarynyň waspy belentden-belent ýaňlanyp birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler. “Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşan aýdym-saz sungatyň aşygy bolan 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary ýüreklerde ata Watanymyza söýgi, ylym-bilime höwes joşup duran bagtyýar ýaşlarymyz belent-belent maksatlara ýetmekleri üçin ýaşlarmyza görelde bolup duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.