6

Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň  bilelikde guramagynda Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” ady bilen  göçme kitap sergisi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam edýän “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda eziz Diýarymyz Türkmenistanda medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň gülläp ösüşi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň giňden öwrenilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiliginiň şöhlelendirilişi, öwrenilişi, dana şahyrymyza goýulýan hormatyň, sarpanyň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli şahyrlarymyz tarapyndan akyldar şahyrymyza bagyşlanyp düzülen birnäçe goşgular okaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar