15

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary–ýolumyza şamçyrag

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary–ýolumyza şamçyrag” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, bu kitaplarda asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz hakyndaky ähli maglumatlaryň jemlenendigi barada bellediler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki Watana, ene topraga, ata-eneňe, dost-ýaryňa wepaly bolmak,  halal zähmet çekmek ýaly  ajaýyp jümleleri ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.