7

Ata watanymyzyň wepaly ýaşlary

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde “Ata watanymyzyň wepaly ýaşlary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar hakynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barha rowaçlanýandygy, döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi we olaryň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygy, şeýle-de, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, hem-de bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýandyklary barada giňişleýin beýan etdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.