14

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly mynasybetli

image

   

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýurdyň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirlendir. Bagtyýar nesillerimiziň şatlyk – şowhuny, şadyýan gülki sesleri, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, parahat söýüjiligimzi hem – de  dostlugymyzy wasp edýän joşgunly aýdym – sazlary   belentden ýaňlanýar. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe hem – de  bilim almaklaryna, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, oňat dynç almaklaryna gönükdirlen döwlet syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bize okamaga, öwrenmäge, şeýle hem bilimdir zehinimize daýanyp, dürli derejedäki bäsleşiklere gatnaşyp üstünlikli netijeleri gazanmaga giň ýol açýan hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-yurt bähbitli, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

                 L Goçmämmedowa      

Gypjak medeniýet öýüniň müdiri