4

Sahawatly topragyň şanly toýy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Sahawatly topragyň şanly toýy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellediler. Şeýle-de ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi göniden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydygy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ylmyň gazananlaryny peýdalanmakda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylýandygy şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obadyr şäherlerinde dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýänleri sylaglamak çäreleri uly dabara bilen geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.