Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna öwrülendigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da tebigatyň ynsan saglygy bilen sazlaşygyny amala aşyrmaga ýardam edýän bu kitap, dünýäniň dürli dillerine terjime edilendigi, şeýle-de alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlaryň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilşi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.