“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda toýlarmyz goşa-goşadan gelýär. Ine şu gün hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine goýulýan sylag hormatlary dogrusynda gürrüň etdiler. Aýdym-sazly medeni çärede 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň birnäçesini ýatdan aýdyp berdiler, “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym- sazlary ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini özünde jemleýän suratlary hem bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi.Çärä gatnaşanlar Türkmenistan Watanymyzyň toýlarynyň toýa ulaşmagyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.