5

Bol hasyl – Watanymyzyň gymmaty.

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hasyl toýy mynasybetli “Bol hasyl – Watan gymmaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.            

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bellenilýän Hasyl toýy-bolçulygyň, berekediň toýy, gyşyň sowugyna, tomusyň yssysyna, döz gelip çekilen irginsiz zähmetiň ýerine düşendigine guwanýan türkmen daýhanlarynyň asylly zähmetiniň baýramydyr diýip bellediler. Ýurdumyzda hasyl toýunyň uly baýram hökmünde bellenilmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedigi, bu baýramçylyk halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öz mähriban topragyndan öndüren halal we bol hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr hem-de ene topraga yhlasynyň, söýgüsiniň, mähriniň dabaralanmasydyr diýip gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.