7

Şöhraty jahana ýaýran dutarym

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Şöhraty jahana ýaýran dutarym” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde ençeme asyrlardan bäri türkmen topragynda belentden ýaňlanyp gelýändigi, milli aýdym-saz sungatymyz umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülip milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek bilen ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek we olaryň arasynda wagyz etmek her bir kitaphanaçynyň mukaddes borjy bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa...” atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynda dutar senetçiligi, sazçylyk we bagşyçylyk sungaty erş-argaç bolup geçýändigi barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.