21

“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi“

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi“ ady bilen aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýandygy, şahyryň döredijiliginde her bir meseläniň çözgüdini tapmak bolýandygy şeýle-de Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edendigi, bu täsir ylaýta-da Zeliliniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyň görünýär. Akyldar şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy özüniň beýanyny tapyp, ömrüňi peýdaly işe bagyşlamalydygyny ündeýän şahyryň öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny arzuwlan beýik şahyr halkyna ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýär, ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy öz eserlerinde çeper sözüň güýjüniň mizemezligi bilen türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy barada gürrüň berdiler we Beýik Akyldaryň birnäçe goşgularyndan okadylar. Ähli adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna ölmez-ýitmez şahyrana döredijiligi bilen uly goşant goşan Magtymguly atamyzyň şeýle derejede söýlüp – sarpalanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!