“Hasyl toýy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda “Hasyl toýy” baýramy mynasybetli “Watan Mukaddesligi” muzeýinde gezelençli medeni çäre geçirildi. Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde “Hasyl toýy” baýramy mynasybetli medeni çäre geçirilýär. Şol baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan “Watan Mukaddesligi” muzeýinde baýramçylyk çäresi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylymy barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Çäräniň dowamynda, häzirki döwürde Watanymyz özgertmeleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip çäre gatnaşyjylar bellediler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, ömürleri uzak, il-halkyň bagtly durmuşy ugrundaky döwletli işleri mydama rowaç bolsun, diýip çäräniň ahyrynda aýtdylar.