Nesillere baky miras Pyragynyň şygyrlary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdepde “Nesillere baky miras Pyragynyň şygyrlary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler häzirki döwürde türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan terbiýelemekde şahyryň şygyrlarynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda giň möçberli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.