21

Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsine uly sarpa goýulýandygy, şahyryň ruhy keşbiniň kalplarda baky orun alyp, geljekki nesiller üçin hem şamçyrag bolup şugla saçjakdygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda şahyryň iline bagyş eden şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhynda terbiýeläp, olary halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmekde nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada bellediler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.