Bereketli tylla güýzüm
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Atamyrat” seýilgähinde “Bereketli tylla güýzüm” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde güýz – bereketliligiň pasly bolup, biziň aňymyzda zähmetsöýerlik bilen berk baglanyşýandygy, güýz paslynyň gelmegi bilen tebigatyň hakyky häsiýeti, özüniň reňk baýlygy ýagny, daş töweregiň dürli reňkler bilen şöhle saçmagy bilen döredijilik adamsyny has-da joşduryp, şahyrlar öz goşgy setirleri bilen, sazandalar bolsa ajaýyp mukamlary bilen, bagşylar şirin owazlary bilen wasp edýän bolsa, şekillendiriş sungatynyň ussatlary tebigatyň gaýtalanmajak reňk sazlaşykly gözelligini kagyzyň ýüzünde şekillendirýändikleri barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyrlaryň şygyrlaryndan birnäçe goşgy setirleri okaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözleri aýdyldy.