“Baky sarsmaz döwlet gurýas, bedew batly öňe barýas”
Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Bagtyýarlyk medeniýet köşgi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana
şahamçasy bilen bilelikde “Baky sarsmaz döwlet gurýas, bedew batly öňe barýas” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.
Çärede medeniýet köşgüniň we kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda rowaçlygyň ak ýoluna düşen halkymyzyň ýeňişleriň belent sepgitlerine tarap agzybirlik bilen ynamly öňe barýandygynyň özboluşly beýanyna öwrülendigini we türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan döwlet baştutanymyzyň waspy ýetirilip, diýarymyzyň ösüşleri, ýaş nesillerimiziň geljegi üçin edilýän taýsyz tagallalary barada, kitabyň ynsanyň ömrüne goşýan täsirleri barada gyzykly gürrüň edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary esasynda gurnalan sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.