16

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ”

image


    Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede Magtymguly Pyragynyň mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun alandygy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýändigi, ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy öz eserlerinde çeper sözüň güýjüniň  mizemezligi bilen türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy barada gürrüň berdiler we Beýik Akyldaryň birnäçe goşgularyndan okadylar.

    Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.