6

Halkara Kinofestiwal

image

 

   Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň gatnaşmagynda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalyň açylyş  dabarasynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen söhbetdeşlik geçirildi.   

Söhbetdeşlikde  çykyş edenler Türkmenistanda bäş döwletiň kinomatografiýaçylary we sungat işgärlerini bir ýerde jemlemek, ajaýyp medeni baýram – “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi, diňe bir sungaty görkezmek däl, eýsem halklary birleşdirýän we dünýäde medeni gatnaşyklary berkitmek üçin güýçli gural bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle‑de Festiwalyň esasy maksady‑janly medeni aragatnaşygyň we ylham joşgunynyň giňişligini döretmekdigini bellediler. “Gorkut ata” tomaşaçylara dünýä kinomotagrafiýasynyň dürliligini açyp görkezjek, halklaryň medeni däpleriniň owadanlygyny we özboluşlylygyny görkezmek üçin döredilýändigi barada beýan etdiler.

  Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.