Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşandygy, çünki akyldaryň mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun alandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dana şahyryň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň örän uludygyny görkezýän, ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, çuňňur öwrenmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.