4
Kitaplar bilimiň soňlanmaýan çeşmesidir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitaplar bilimiň soňlanmaýan çeşmesidir” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň her biri halkymyzyň söýgüsini gazanan we ýan kitabyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan birnäçe nakyllary, atalar sözleriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin beýan etdiler hem-de okyjylar bilen birnäçe nakyllardan sorag-jogaplar alyşyldy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.