Kalplara siňen Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen “Kalplara siňen Pyragy” atly kitapdan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýän şygyrlary biziň her birimiziň kalbymyza beýik ynam, aňymyza edep mekdebi, göreçlerimize öçmejek nur bolup çaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Kalplara siňen Pyragy” atly kitapdan mertligi, batyrlygy, watançylyk, söýgüsini wasp edip ýazylan şygyrlardan okap berildi.
Çäräniň ahyrynda dana şahyryň arzuwlan berkarar döwletini, bagtyýar zamanasyny bize bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.