7

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri- ýolumyza ýörelge

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň  Merkezleşdirilen  kitaphanalar  ulgamynyň  Büzmeýin  kitaphana  şahamçasy   bilen  Türkemen  döwlet oba hojalyk  uniwersitetiniň bilelikde  guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň  eserleri- ýolumyza ýörelgeady bilen wagyz-nesihat  çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, Gahryman Arkadagymyzyň  kitaplarynyň bu günki günde halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly gollanma  bolup durýandygy barada beýan etdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň  eserlerindäki Watana, ene topraga, ata-eneňe, dost-ýaryňa  wepaly bolmak, halal zähmet çekmek ýaly ajaýyp jümleleri her bir ynsan üçin, aýratynam ýaşlar üçin  uly terbiýe mekdebi bolup  durýandygy barada gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda  şeýle ajaýyp eserleri  peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt  bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.