10

Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagtýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda“Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygy, akyldar şahyryň çoh garaşan ajaýyp eýýamy bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hasyl bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaş nesilleriň kalbynda watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde, kitaphana işgärleriniň öňünde uly wezipe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda nusgawy şahrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.