Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň türkmeniň milli ruhyndan sünnälenip, onuň akyl paýhasyndan, altyn damjasy deý süzülip geçiren parasatly pikirleri umumadamzat ösüşine, ynsanperwerlik ýaly doly sazlaşyp, onuň medeni-ruhy genji hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň arzuwlan ajap eýýamy bu gün halkymyzyň durmuş hakykatyna öwrülip, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň konstitusion binýadyny, türkmen halkynyň durmuş ýörelgesiniň medeni-ruhy mirasynyň özenini düzýändigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.